«Benfika» «Aýaksy» ýeňip, Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy

  • 16.03.2022 15:49
  • 5.3k+

Portugaliýanyň «Benfika» futbol kluby myhmançylykda Niderlandlaryň «Aýaks» klubundan 1:0 hasabynda üstün çykyp, Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdylar. Duşuşyk Amsterdamdaky «Ýohan Kroýf Arena» stadionynda geçirildi.

Duşuşykda ýeke-täk goly 77-nji minutda Darwin Nunýes geçirdi. Klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlanypdy.
«Benfikanyň» çärýek finaldaky garşydaşy 18-nji martda bije çekilşikde belli bolar. 1/4 final duşuşygynyň birinji oýunlary 5-6-njy aprelde, jogap oýunlar 12-13-nji aprelde geçiriler.
Final duşuşygy 28-nji maýda Parižde geçiriler.


şu gün 18:26
1.6k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

şu gün 11:46
3.7k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

düýn 10:10
5.9k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.6k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......