Hindistan 27 martdan başlap halkara awiauçuşlaryna girizilen gadaganlygy ýatyrýar

Hindistan 27 martdan başlap halkara awiauçuşlaryna girizilen gadaganlygy ýatyrýar

Hindistan sişenbe güni koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli halkara awiareýslerine girizilen gadaganlygy iki ýyllyk arakesmeden soň ýatyrmagy karar etdi. 

Hindistanyň Raýat awiasiýasy ministrliginiň habar bermegine görä, 27 martdan başlap daşary ýurtlara reýsler doly açylar.

"Bütin dünýäde waksinasiýanyň giň gerim alandygyny ykrar etmek bilen we gyzyklanýan taraplar bilen maslahatlaşylandan soň Hindistanyň hökümeti 27.03.2022ý. başlap, ýagny 2022 ýyl üçin uçuşlaryň tomusky tertibiniň başynda Hindistana gelýän we Hindistandan gidýän yzygiderli kommersiýa halkara ýolagçy gatnawlaryny dikeltmegi karar etdi" - diýip, awiasiýa pudagynyň bu ýerde giňden ýaýran metbugat-relizinde aýdylýar.

Hindistanyň Raýat awiasiýasynyň baş müdirligi yzygiderli halkara kommersiýa ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmagy COVID-19 ýokanjy bilen keselleýänleriň sanynyň artmagy bilen bagly 2020 ýylyň 23 martynda bes edipdi.