Toyota zyňyndylarynyň derejesi hakyndaky maglumatlaryny galplaşdyrandygyny boýun aldy

  • 08.03.2022 16:05
  • 16k+

Toyota zyňyndylarynyň derejesi hakyndaky maglumatlaryny galplaşdyrandygyny boýun aldy. Toyota Motor-yň ýük ulaglary we awtobuslary aýdylyşyndanam zyýanly çykdy diýip, lenta.ru saýtyna salgylanýan  Trend habar berýär.

Toyotanyň golçur korporasiýasy bolan Hino Motors kompaniýasy -  zyňyndylaryň derejesi hakyndaky maglumatlaryny galplaşdyrandygyny boýun aldy. Ýaponiýada ýük ulaglaryny öndürýän iri öndürijileriň biri gaz çykaryjy ulgamly hereketlendirijileriň birnäçe görnüşini birnäçe ýyllap manipulýasiýa edendigini mälim etdi.
Hino Motorsyň baha bermegine görä,  mesele 2016 ýylda içerki bazarda satylan azyndan 115 müň ulaga degişlidir. Olar Hinonyň orta we agyr ýük ulaglary, şeýle hem Toyota we Isuzu awtobuslarydyr.
Ýaponiýada zyýanly galyndylaryň görkezijileriniň peseldilendigi 2018 ýylda ABŞ-nyň bazary üçin ýük ulaglaryny sertifikasiýa etmekde Hinoda mesele ýüze çykanda üsti açyldy. 
Hinonyň ýolbaşçylary hereketlendirijileriň ekologiýa taýdan arassalygyna synagy agzalan hereketlendirijileriň gurnalýan zawodynyň göni özünde geçirendigini düşündirdi. Motor ýasaýjylar tä islenilýän netijäni gazanýançalar, gaz çykaryjy ulgamyň detallaryny çalşyp durupdyrlar. Şunuň ýaly sada usulda iş göwrümi degişlilikde 5,1,8,9 we 12,9 bolan A05C, A09C we E13C ýük dizelleriniň synagdan geçirilendigi tassyk boldy.
Hino ekologlary baryp 2016 ýyldan bäri aldap gelýän eken.
Hinonyň wekilleri gaz çykaryjy ulgam bilen bagly edilýän pirimleriň ulag serişdeleriniň howpsuzlygyna zyýan ýetirmeýändigini bellediler.
Hino "ulaglaryň alyjylarynyň ynamyna hyýanat edýär we sertifikasiýa ulgamynyň iň esasy ýerine zyýan ýetirýär" diýip, Ýaponiýanyň hökümeti aýdýar.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......