Wengriýada agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni ýatyrylýar

Wengriýada agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni ýatyrylýar

Wengriýanyň hökümeti duşenbeden başlap, koronawirus bilen bagly girizilen jemgyýetçilik ýerlerinde hökmany örtük dakynmak düzgünini, şeýle-de, beýleki birtopar çäklendirmeleri aýyrýar. Premýer-ministr Gergeý Guýýaşyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, wenger hökümeti "ilata üstünlikli gözegçilik edilmegi we waksina sanjymynyň urulmagy netijesinde pandemiýanyň bäşinji tolkunynyň yza tesýändigi sebäpli" şeýle karara geldi. 

"Duşenbeden başlap jemgyýetçilik ulaglarynda, dükanlarda, söwda merkezlerinde, poçtada, teatrlarda, kinoteatrlarda, muzeýlerde, şeýle hem sport ýaryşlarynda hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyrylýar. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işgärlerine hem örtük dakynmak hökman däldir."- diýip, hökümet saýtynda takyklanylýar. 

Mundan başga-da, açyk howada geçirilýän çärelere gatnaşyjylaryň sany babatynda-da çäklendirmeler aradan aýrylýar.

 "Iş berijiniň öz işgärlerinden hökmany suratda waksina almaklygy talap etmelidigi baradaky düzgün hem ýatyrylýar" - diýip, Wengriýanyň hökümetinde ministr derejesini eýeleýän Guýýaş sözüniň üstüni ýetirýar. 

Şol bir wagtda hökümet "ähli isleg bildirýänlere waksina getirmekligi dowam etmeli" diýip yglan etdi. Resmi maglumatlar boýunça 10 mln ilaty bolan Wengriýada takmynan 7 mln adan koronawirusa garşy sanjym aldy. Olaryň 4 milliony eýýäm rewaksinasiýadan hem geçdi.   Ýurtda waksinanyň birnäçe görnüşi, şol sanda Russiýanyň "Спутник V" waksinasy hem ulanylýar. Pandemiýa döwründe Wengriýada 1,8 mln adam COVID-19 bilen keselledi, 44 müňden gowrak adam ýogaldy.