2028-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionaty Beýik Britaniýada we Irlandiýada geçip biler

  • 07.03.2022 08:42
  • 4.9k+

2028-nji ýylda futbol boýunça Ýewropa çempionatyny geçirmek ugrundaky göreşde Beýik Britaniýa bilen Irlandiýanyň bilelikdäki teklibi ýeňiş gazanyp biler. Bu barada “Daily Mail” gazeti habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, ses berişlikde bu teklibiň alternatiwalary bolman biler. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Türkiýe özüniň dalaşgärligini yzyna alar, sebäbi ol öň Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) bilen söhbetdeşlikde Ýewro-2016-nyň we Ýewro-2024-iň hojaýyny bolmak üçin ses berişlikde ýeňlenden soň diňe alternatiw däl esasda bäsleşige gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. UEFA-nyň sanksiýalary sebäpli Russiýanyň arzasyna hem seredilmez. Fewral aýynda Beýik Britaniýa bilen Irlandiýa 2030-njy ýyldaky dünýä dempionatyny geçirmek üçin arza bermekden ýüz öwürdi.
Arza tabşyrmak işi 2023-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli dowam etmeli, ýöne ýaryşy geçirmek üçin diňe bir dalaşgär bolan ýagdaýynda ol ir tamamlanar diýip, gazet belleýär. 23-nji marta çenli gyzyklanma bildirýän taraplar arza tabşyrmak islegleriniň bardygyny mälim etmeli.
Indiki Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylda geçiriler, ony Germaniýa kabul eder. 


şu gün 13:04
2.4k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi

Öten agşam UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Iki ýaryşyň hem jogap oýunlary 20-nji marta geçilýän gije oýnalar. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji...

şu gün 09:25
4k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...

11.03.2026 14:07
7.1k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy geçen möwsümiň iň ökde oýunçylaryny we tälimçilerini yglan etdi

Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) konferensiýasynda 2025-nji ýylyň futbol we futzal möwsüminiň jemleri jemlenildi. Sport žurnalistleriniň we klub wekilleriniň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde ýylyň iň gowy futbolçylary we hünärmenleri kesgitlenildi...

11.03.2026 13:10
5.1k+

«Arkadag» we «Şagadam» TFF-iň Kubogy — 2026 ugrunda bäsleşer

«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen TFF-iň Kubogy — 2026-nyň ýarym final oýunlarynyň netijeleri boýunça finala çykan toparlar belli boldy. Aýgytly oýunda «Arkadag» bilen «Şagadam» duşuşar. Birinji ýarym final duşuşygynda «Şagadam» «Aşgabat» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy — ýeke-täk goly 32-nji minutda Akmämmet Metdaýew öz adyna ýazdy...