Saud Arabystany koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň aglabasyny ýatyrýar

  • 07.03.2022 08:18
  • 8.8k+

5 martdan başlap Saud Arabystany koronowirus bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň aglaba köpüsini, şol sanda öýden daşarda örtük geýmekligi we bellenen aralygy saklamaklygy aýyrdy. Bu barada şenbe güni Saudi Gazette habar berdi.

Ýurduň IIM-niň maglumatlaryna laýyklykda, mundan bu ýana köpçülikleýin açyk we ýapyk çärelere barlanda hökmany örtük geýmek talap edilmez. Şeýle-de bolsa, metjitleriň içinde, şol sanda yslamyň Mekke we Medine ýaly keramatly ýerlerinde örtük geýmek düzgünini owalkylar ýaly berjaý etmek zerurdyr. Ybadat edilýän öýleriň daşynda hem örtük geýmeklik maslahat berilýär.
Patyşalygyň çägine girilende PZR testiň netijesini görkezmeklige we hökmany karantini berjaý etmeklige talap bildirilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, wizalaryň ähli görnüşleri boýunça ýurda gelýän adamlardan, zerur bolanda koronowirusdan bejergileri ödär ýaly, saglyk ätiýaçlandyrmalaryny görkezmeklik talap edilýär.
Mundan başga-da, Saud Arabystany Owganystandan we afrika döwletleriniň 16-syndan pandemiýa sebäpli gelmesi gadagan edilen uçuşlar üçin gadaganlygy aýyrdy.
Neşiriň belleýşine görä, ýurduň epidemiologik ýagdaýy çäklendirmeleri aýyrmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde häkimiýetler COVID-19-a garşy waksinany, aýratynam onuň buster dozasyny almak boýunça milli meýilnamanyň mundan beýläk-de ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtaýarlar.  


20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...