Ermenistanyň parlamentinde prezident saýlawlarynyň senesi belli boldy

  • 01.03.2022 23:06
  • 5.8k+

Ermenistanyň parlamenti 1-nji martda başlaýan nobatdaky sessiýada prezidenti saýlar. Day.Az-yň Ermenistanyň KHBS-ine salgylanyp habar bermegine görä, meseläni sessiýanyň gün tertibine girizmek baradaky taslama 28-nji fewralda parlament Geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident saýlawlary  2-nji ýa-da 3-nji martda geçiriler. 
Belläp geçsek, Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýan 23-nji ýanwarda wezipesinden gidýändigini mälim etdi. 1-nji fewraldan bäri prezident ygtyýarlyklaryny parlamentiň başlygy Alen Simonýan ýerine ýetirýär. Ýokary tehnologiýaly senagat ministri Waagn Haçatrýan dolandyryjy partiýadan prezidentlige dalaşgär boldy. Oppozisiýa prezident saýlawlaryny boýkotlamak bilen, dalaşgär hödürlemek islemeýändigini aýtdy.


şu gün 05:58
3.4k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...

10.02.2026 09:22
1.7k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy...

09.02.2026 10:42
1.5k+

Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy

Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy...