Gruziýada kowide garşy çäklendirmeler gowşadyldy

Gruziýada kowide garşy çäklendirmeler gowşadyldy

1-nji martdan Gruziýada COVID-19 bilen kesellän hassalar üçin karantin nokatlary we myhmanhanalar işini bes eder. APA agentligine salgylanyp, Day.Az-yň habar bermegine görä, bu barada karar Gruziýanyň Pudagara koordinasion geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.

Karara görä, ýapyk giňişlikde bir stoluň başynda oturýan adamlaryň rugsat berilýän sany 10 adama, açyk ýerlerde 15 adama çenli köpeldildi.
Geňeşiň kararyna görä, 15-nji martdan Gruziýada konferensiýalary, seminarlary we treningleri geçirmek üçin çäklendirmeler ýatyrylýar we 60 adamdan köp bolup ýygnanyşmagy gadagan edýän düzgünleriň ulanylmagy bes edilýär.
Şeýle-de, ýakyn günlerde Gruziýada lukmançylyk örtüklerini hökmany ulanmak düzgüniniň ýatyrylyp bilinjekdigi-de habar berilýär.