Teslanyň eýeleriniň bir topary üçin set elýeter bolmaz

Teslanyň eýeleriniň bir topary üçin set elýeter bolmaz

3G modemler bilen enjamlaşdyrylan köne Tesla awtoulaglary 3G setleri öçürilen ýagdaýynda aragatnaşykdan üzňe galarlar diýip, Electrek portal mälim edýär, Gazeta ru-a salgylanýan Day.Az. habar berýär.

Tesla Model S-iň amerikaly eýelerine ýollan hatynda 2015-nji ýylda goýberilen elektromobilleriň 2022-nji ýylyň 22-nji fewralyndan başlap sete çatylmagyny bes etjekdigini aýtdy. Bu ýagdaý AT&T amerikan operatorynyň, LTE-iň we 5G-iň bähbidine, üçünji nesliň setlerini goldamagyny bes edýändigi bilen düşündirilýär. Basym beýleki operatorlar hem 3G-den ýüz öwrerler.

Seti öçürilen ulanyjylar elektromobilleriniň klimat-kontrolyny, açar-gulplaryny we sazlaýyş ulgamyny uzak aralykdan dolandyryp, nawigasiýa we trafik barada maglumat alyp, şeýle-de, üznüksiz hyzmatlara birigip hem-de programma üpjünçiligini täzeläp bilmezler.

Kompaniýa 3G modemleri bilen enjamlaşdyrylan Teslalaryň eýelerine 200$-a çiplerini has döwrebap 4G-li görnüşe çalyşmak maksady bilen, hyzmat ediş merkezlerine ýüz tutmagy teklip edýär.