Audi iki ykjam modelini önümçilikden aýyrýar

  • 15.02.2022 19:49
  • 7.9k+

Audi 2016-njy ýylda hödürlenen Q2 ykjam krossoweriniň mirasdüşerini çykarmak islemeýär. Şeýle-de, nemes kompaniýasy önümçilikden özüniň iň kiçi modeli bolan A1-i aýyrýar. Bu barada “Handelsblatt” neşirine Ingolştadtdan kompaniýanyň ýolbaşçysy Markus Dýusman aýtdy.

“Biz konweýerden A1 modelini aýyrmak, şeýle-de Q2-niň mirasdüşerini işläp düzmekden ýüz öwürmek kararyna geldik. Audi – premial brend, şonuň üçin biz “kiçi” modelleriň sanyny azaltmak hem-de has uly we abraýly ulaglaryň önümçiligine ünsi jemlemek üçin hatarymyzy gaýtadan gözden geçirmeli bolýarys” – diýip, Dýusman düşündirdi.

Audi A1 modeliniň indiki nesliniň bolmajakdygy barada 2021-nji ýylyň ortalarynda-da habar berildi, ýöne Q2 krossowerinden ýüz öwrülýändigi häzir belli boldy. Kompaniýa iň kiçi SUV-y 2016-njy ýylda hödürledi, dört ýyldan soň bolsa model täzelenmä eýe boldy.

Audi Q2 kuwwaty 116-dan 190 at güýjüne çenli bolan benzin we dizel hereketlendirijileri bilen hödürlenýär. Mundan başga-da, krossoweriň 300 at güýji bolan 2,0 litrlik “dört turbo” bilen enjamlaşdyrylan SQ2 sport modifikasiýasy bar.

Audi A1 we Q2 önümçilikden aýrylandan soň, Ingolştadtdan bolan kompaniýanyň “kiçi” wekili A3 bolar. 


28.01.2026 13:50
2.1k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi...

18.01.2026 23:32
5.2k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi...

12.01.2026 16:31
3.1k+

AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi

AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi. Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy...

06.01.2026 23:40
9k+

Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi

Mansory týuning atelýesi Audi RS 6-nyň binýadynda döredilen P1100 atly täze taslamasyny hödürledi. Uniwersal awtoulagyň kuwwaty 1100 at güýjüne çenli artdyryldy. Bu täzelenme modeliniň häzirki nesliniň önümçiliginiň tizara tamamlanmagyna gabatlap taýýarlanyldy...