Awstraliýanyň häkimiýetleri koalalary ýitip barýan görnüşleriň sanawyna girizdi

  • 15.02.2022 19:46
  • 4.8k+

Awstraliýanyň Gündogar kenarynda koalalar üçin döwlet goragynyň derejesi ýokarlandy. Bu barada Daşky gurşawy goramak ministri Sýuzan Leý habar berdi.

Soňky ýyllarda koalalar gurakçylyk we howply tokaý ýangynlary sebäpli ejir çekýärler. Mundan başga-da, şäherleşme we oba hojalyk ýerleriniň köpelmegi koalalaryň ýeke-täk mekany bolan ewkalipt tokaýlarynyň ep-esli böleginiň ýitmegine getirdi.
Resmi maglumatlara görä, Täze Günorta Uels we Kwinslend ştatlarynda koalalaryň populýasiýasy soňky 20 ýylda degişlilikde 60% we 50% azaldy. Bu görnüş 2019-2020-nji ýyllarda bolan tokaý ýangynlarynyň netijesinde hasam zyýan çekdi. 
2020-nji ýylda geçirilen parlament derňewleri koalalaryň sanyny köpeltmek üçin degişli çäreler görülmese, olaryň 2050-nji ýyla çenli ýitip ýok boljakdygyny görkezdi. Hökümet koalalary sanamak programmalaryna, olaryň barlagy we bejergisi üçin 50 mln Awstraliýa dollaryny bölüp bermegi wada berýär.


14.09.2025 19:52
11k+

Suw astynda we wagtdan üzňe: Underwater Awards Australasia 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri

Awstraliýanyň Underwater Awards Australasia 2025 suwasty foto bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileriň suratlaryny çap etdi. Absolýut ýeňiji suratçy Jeýms Ferrara boldy. Ol Antarktidadaky deňiz gaplaňyny surata aldy...

08.09.2025 17:10
18k+

Awstraliýada guşuň ýumurtgaly höwürtgesi sebäpli futbol meýdançasy wagtlaýyn ýapyldy

Kanberranyň (Awstraliýanyň paýtagty) etegindäki Jerrabomberranyň sebit sport toplumynyň futbol meýdançasy bir aýa çenli möhlet bilen ýapyldy. Munuň sebäbi meýdançanyň merkezi çyzygynda seýrek we goralýan guşuň – çulugyň ýumurtga guzlamagy boldy diýip, 9News neşiri habar berýär...

04.08.2025 16:59
9.1k+

Awstraliýadaky maýagyň diwarynda 120 ýyldan gowrak ozal gizlenen hat tapyldy

Tasmaniýanyň günortasyndaky taryhy Keýp-Bruni maýagynda 120 ýyldan gowrak ýaşy bolan içi hatly aýna çüýşe tapyldy. Bu barada The Guardian habar berýär. Tapyndyny hudožnik we reňkleýji Braýan Berford kenarýaka desgasynyň adaty tehniki hyzmaty wagtynda ýüze çykardy...

04.08.2025 14:32
9k+

Awstraliýa 40 ýylyň içinde iň köp gar ýagdy

Awstraliýa soňky kyrk ýylyň içinde iň güýçli gar ýagdy. Täze Günorta Uels ştatynyň demirgazyk etraplaryna 40 santimetre çenli gar düşdi, bu 1980-nji ýyllaryň ortalaryndan bäri iň köp ygal boldy. Gar Armideýl we Gaýra şäherlerine ýagdy...