Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy kabul edildi

  • 13.02.2022 11:08
  • 8.1k+

Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy kabul edildi. Bu resminama 11-nji fewralda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Maksatnama laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaý bolar. Zawodlary we fabrikleri, hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, dolandyryş merkezini, täze şäherçeleri we ýaşaýyş toplumlaryny gurmak hem-de olaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer Ç.Purçekowa önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hem örän möhüm desgalaryň hatarynda görkezildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulmagy meýilleşdirilýän «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny dünýä derejeli tehnologiýalary hasaba almak bilen gurmagyň taslamasyny düzmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyny belledi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......