Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmenistanda internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikler dörediler»

  • 13.02.2022 14:27
  • 27k+

Geljek 30 ýyla niýetlenen maksatnamada Türkmenistanda internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikler dörediler. Bu barada 11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Nygtalyşy ýaly, geljekde älem giňişligini özleşdirmek babatda başlanan işler, şeýle hem dünýäniň sanly ulgam giňişligine işjeň gatnaşmagymyz dowam etdiriler. Halkara bazarlarda önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylar, innowasion barlaglar ornaşdyrylyp, täze tehnologiýalar dörediler.

«Men 2021-nji ýylda dünýäniň ähli ilatynyň 63 göteriminiň internetden peýdalanandygy baradaky maglumaty okadym. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň ilatyna hem aýratyn orun degişlidir. Geljekde Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, biz internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikleri dörederis» diýip, türkmen Lideri maksatnamalaýyn çykyşynda aýratyn nygtady.


düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
1.6k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
2.4k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
1.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......