Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy ýyldyrymyň dowamlylyk we uzynlyk rekordyny hasaba aldy

  • 02.02.2022 09:06
  • 13k+

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (BMG) iki sany täze dünýä rekordyny – ýyldyrym çakmasynyň iň ýokary uzynlygyny we iň ýokary dowamlylygyny hasaba aldy. Bu barada BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

BMG-niň adatdan daşary howa we klimat hadysalary boýunça komiteti iň täze hemra tehnologiýalarynyň kömegi bilen 2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde ABŞ-nyň günorta sebitlerinde keseligine 768 km plýus-minus 8 km aralygy gurşap alan ýyldyrymy iň uzyn ýyldyrym diýip ykrar etdi. Bu öňki rekorddan – 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Braziliýada çakan ýyldyrymdan 60 km geçýär. Ýyldyrym ýalpyldysynyň dowamlylygy barada aýdylanda, indi dünýä rekordy 2020-nji ýylyň 18-nji iýunynda Urugwaýda we Argentinanyň demirgazyk sebitlerinde hasaba alnan ýyldyryma degişli: ýyldyrym ýalpyldysy 17,102 sekunt plýus-minus 0,002 sekunt dowam etdi. Häzire çenli rekord diýlip 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Argentinada tupan wagty hasaba alnan 16,73 sekunt görkeziji hasaplanylypdy.

BMG tarapyndan iki sany täze rekordyň hasaba alynmagy bilen baglylykda guramanyň baş sekretary Petteri Taalas “ýyldyrymyň uly howp bolup, her ýyl köp sanly adam ölümine sebäp bolýandygyny” belledi. BMG 1975-nji ýylda Zimbabwede bir külbä göni ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ol ýerdäki 21 adamyň ölendigini ýatlap geçdi. BMG-niň arhiwinde ýyldyrym çakmasynyň gytaklaýyn netijeleri boýunça iň agyry hökmünde 1994-nji ýylda Müsüriň Dronka ilat nokadynda bolan betbagtçylyk hasaba alyndy, şonda nebit ammarynyň ýanmagy netijesinde 469 adam aradan çykdy.  


düýn 12:03
1.8k+

Britaniýaly heýkeltaraş gan öýjüginiň ululygyndaky heýkeli döretdi

Britaniýaly heýkeltaraş Dewid Lindon (David Lyndon) dünýäde el bilen ýasalan iň kiçi iş hökmünde täze rekord goýan "Sary smaýlik" atly täze mikroskopiki heýkelini hödürledi. Ýylgyrýan şary ýatladýan miniatýuranyň ölçegleri bary-ýogy 11,037 we 12,330 mikrona deňdir...

14.12.2025 23:01
3.1k+

«Gara babyryň» muşdagy Marvel kolleksiýasy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hýustonyň ýaşaýjysy (Tehas ştaty, ABŞ) Taýeşa Elam üç müňden gowrak Marvel predmetini ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Olardan 2546 predmet resmi taýdan kolleksiýa üçin niýetlenen hasaplanýar – bu hem ony dünýäde «Gara babyra» (Черная пантера) bagyşlanan iň uly kolleksiýanyň eýesine öwürýär...

14.12.2025 10:25
4.2k+

“Haýwanlar şäheri-2” 17 günde 1 mlrd dollar ýygnady. Bu Golliwud üçin täze rekord

“Haýwanlar şäheri-2” (Зверополис-2) animasion filmi dünýä prokatynyň bary-ýogy 17 gününde 1 mlrd ABŞ dollaryny ýygnamagy başardy. The Hollywood Reporter neşiriniň maglumatlaryna görä, bu netije ähli golliwud multfilmleri, şeýle-de PG reýtingli islendik filmler üçin rekord boldy...

05.12.2025 12:00
3.4k+

“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy

“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar...