Berdimuhamedowyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy wagyz edilýär

  • 26.01.2022 22:42
  • 3k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Halkara barlaglar we ösüş institutynyň binasynda brifing geçirildi. Türkmenistanyň 2022-nji ýylda daşary syýasatda ileri tutýan ugurlaryna hem-de türkmen Lideriniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyny ilerletmäge bagyşlanan çärä Azerbaýjanyň, Awstraliýanyň, Belarusuň, Gyrgyz Respublikasynyň, Latwiýanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Ženewada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr halkara guramalaryň wekilleri çagyryldy.

Çäräniň dowamynda dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2021-nji ýylyň jemleri hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanda guralan iri halkara forumlaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, 28-nji noýabrdaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti, 11-nji dekabrda guralan «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat sebit hem-de ählumumy derejede hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyra öwrüldi. Şunda türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýanyň halklaryň arasynda parahatçylyk we özara ynanyşmak medeniýetini berkitmekdäki ähmiýetine aýratyn üns berildi. 

Brifingiň ahyrynda käbir halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny berkitmekde bitiren hyzmatlary nazara alnyp, 2020-nji ýylyň dekabrynda berlen «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýubileý medaly  bilen sylaglananlaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň ozalky ýolbaşçysy Frensis Garri hem-de Awstraliýanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Jorj Mina bar.


düýn 10:26
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

düýn 10:08
985

Türkmenistanyň DIM-nde Katar Döwletiniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Katar Döwletiniň ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 10:05
1k+

Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler...

15.08.2025 19:14
1.8k+

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen geljekdäki duşuşyklaryň tertibi maslahatlaşyldy

14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar...