Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi

  • 07.01.2022 22:47
  • 18k+

«Manchester Evening News» neşiri taryhyň iň baý boksçylarynyň sanawyny hödürledi. Sanawa iň baý on türgen girdi diýip, lenta.ru habar berýär.

Şeýlelikde, iň baý boksçy Floýd Meýwezer boldy. Neşiriň hasaby boýunça, bäş agram kategoriýasynda ozalky dünýä çempionynyň baýlygy 479 mln ýewro barabar. Ikinji orunda agyr agramda öňki absolýut dünýä çempiony Jorj Forman ýerleşdi. Onuň baýlygy tas 266 mln ýewro bilen bahalandyryldy.
Taryhyň iň baý boksçylarynyň üçlügini sekiz agram kategoriýasynda öňki dünýä çempiony Menni Pakýao jemledi. Filippinleriň wekili 195 mln ýewro gazandy. 
Dünýäniň iň baý boksçylarynyň onlugyny ukrainaly Wladimir Kliçko jemleýär. Ukrainaly agyr agramly söweşiji tas 70 mln ýewro gazandy. 


30.05.2026 08:45
7.9k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....