ASUS kosmos muşdaklary üçin ýörite noutbuk çykardy

  • 07.01.2022 17:52
  • 7.8k+

ASUS kompaniýasy CES 2022 sergisi üçin täze Zenbook 14X OLED Space edition noutbugyny çykardy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

ASUS 1997-nji ýylda P6300 noutbugyny çykarandygyny we onuň "Mir" kosmos stansiýasynda ulanmak üçin saýlanandygyny aýtdy. Munuň hormatyna kompaniýa Zenbook 14X OLED noutbugynyň kosmos wersiýasyny çykarmak kararyna geldi.
Zenbook 14X OLED noutbugy özboluşly dizaýna eýe bolup, onuň gapagynyň üstünden kontur çyzgylary geçýär we olaryň içinde kiçi displeý ýerleşýär.
Kiçi ekrany familiýa, wagt, batareýanyň görkezijisi ýa-da surat ýaly zatlary görkezmek üçin ulanyp bolýar. Ol ýörite MyASUS programmasy arkaly sazlanylýar.
Zenbook 14X OLED noutbugy, kosmosda işlemek üçin niýetlenilmegine laýyklykda, diýseň berk noutbukdyr. ASUS enjamyň yrgyldylara garşy durnuklydygyny, -24 gradusa we +61 gradusa çenli temperatura çydap biljekdigini öňe sürýär.

şu gün 10:31
3.8k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
975

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......