Italiýada kinoteatrlarda iýip-içmek gadagan edildi

  • 29.12.2021 18:59
  • 4.7k+

Italiýanyň saglyk ministri Roberto Speranza köçede we köpçülik ýerlerinde, şol sanda binalarda hökmany agyz-burun örtügi​​düzgüniniň girizilýändigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Ministriň beren beýanatyna esaslanyp, Italiýanyň raýatlarynyň adaty lukmançylyk örtüklerini däl-de, FFP2 respiratorlaryny ulanmalydygy bellenilýär. Olary, esasan hem jemgyýetçilik ulaglarynda, kinoteatrlarda, adaty teatrlarda we stadionlarda ulanmaly bolar.

"Bu ýerlerde iýip-içmek gadagandyr" -diýip, çeşme Roberto Speranzanyň sözlerini getirýär.

Mundan başga-da, Italiýa “Green Pass” elektron şahadatnamasynyň hereket ediş möhletini dokuz aýdan alty aýa çenli azaldar.


02.05.2026 14:04
2k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......

01.05.2026 17:11
2.3k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

20.04.2026 08:20
5.2k+

Dünýäniň iň uzyn asma köprüsi Italiýada gurlar

Italiýanyň hökümeti Messin bogazyndan geçýän, esasy aralygy rekord derejeli 3,2 kilometr uzynlykdaky asma köprüniň gurluşyk taslamasyny resmi taýdan tassyklady....

31.03.2026 11:02
9.7k+

Italiýadan Polşa barýan ýolda 12 tonna «KitKat» şokolady ogurlandy

Ýewropa daşalýan wagtynda Nestlé kompaniýasyna degişli bolan, içine «KitKat» şokoladlary ýüklenen uly ýük awtoulagy ogurlandy. Brendiň wekilleriniň habar bermegine görä, ogurlanan ýüküň umumy agramy, takmynan......