Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahatlar badalga aldy

  • 29.12.2021 10:09
  • 10k+

28-nji noýabrda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. 2022-nji ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan çärä Milli Geňeşiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň, bilim we ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Halkymyzyň ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibiniň tassyklanylandygy hakyndaky habaryň türkmenistanlylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilmegi bagtyýar eýýamy esaslandyran hem-de halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan türkmen  Liderine belent hormatyň nyşanydyr. Bu ýere ýygnananlar Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň döwlet Baştutanynyň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesidigini nygtadylar.

Şol gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hem 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygarynyň tassyklanylmagyna bagyşlandy. Dabara Hökümetiň agzalary, medeniýet ulgamynyň, ugurdaş edara-kärhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, sungat ussatlary gatnaşdylar.

Çykyş edenler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde milli medeniýetimiziň ösdürilmeginde, netijeli, döredijilikli zähmet çekmek üçin has oňat şertleriň döredilmeginde, ýaş zehinlerimiziň özgertmeler işlerine höweslendirilmeginde türkmen Lideriniň hut özüniň şahsy görelde görkezýändigini aýratyn nygtadylar. Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilikli aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Çärede meşhur şahyrlar, sahna ussatlary, görnükli estrada ýerine ýetirijileri çykyş etdiler.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......