Daşkentden ikinji medal: Seýitjan Mirzaýew hem kiçi bürünç medala mynasyp boldy

  • 10.12.2021 07:16
  • 14k+

9-njy dekabrda türkmen türgeni Seýitjan Mirzaýew Daşkende geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 61 kilogram agramda çykyş edip, silterläp götermekde kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 128 kilogram agramyň hötdesinden geldi.

Seýitjan Mirzaýew birinji synanyşygynda buýran bu agramlygyny ikinji gezekde galdyrmagy başardy. Üçünji synanyşygynda bolsa 132 kilogram buýrup, ony galdyryp bilmedi. Itekläp götermekde ildeşimiz birinji we ikinji synanyşygynda 145, üçünji synanyşygynda bolsa 147 kilogram agramyň hötdesinden gelip bilmedi.

Ýeri gelende bellesek, Seýitjan Mirzaýew 2020-nji ýylda Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda bürünç medala, üstümizdäki ýylda bolsa ýene-de şu şäherde geçirilen Aziýa çempinatynda silterläp götermek boýunça kümüş medala mynasyp boldy. Ol 2019-njy ýylda Kataryň kubogyny almak ugrundaky 6-njy halkara ýaryşda 270 kilogram agramy göterip, kümüş, şol ýylda Türkiýede geçirilen Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan halkara ýaryşda kümüş, dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Häzirki güne çenli milli ýygyndymyzyň hasabynda iki sany kiçi bürünç medal bar. TmCars.info 8-nji dekabrda ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde Daşkentde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyny gazanandygyny ozal habar beripdi. 


30.05.2026 08:45
7.9k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.1k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.7k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

21.05.2026 19:23
3.4k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....