«Time-yň» okyjylary Braziliýanyň Prezidentini «Ýylyň adamy» diýip yglan etdiler

  • 09.12.2021 09:10
  • 3.9k+

Meşhur amerikan neşiri bolan «Time» žurnalynyň okyjylary Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaruny 2021-nji ýylda «Ýylyň adamy» hökmünde saýladylar. Bu barada neşiriň internet saýtynda habar berilýär.

Şunlukda, žurnalyň okyjylarynyň gelen netijelerine laýyklykda, 9 milliondan gowrak adamyň goldamagynda Braziliýanyň Prezidenti sanawda 24 göterim ses aldy. Okyjylaryň 9 göteriminiň ses bermeginde ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp ikinji orny eýeledi. Şu ýylda pandemiýa garşy göreşmekde tapawutlanan öňdebaryjy lukmançylyk işgärleri bolsa 6,3 göterim ses gazanyp, sanawyň üçünji ornuna çykmagy başardylar. «Time» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan saýlanan «Ýylyň adamy — 2021-iň» ady 13-nji dekabrda yglan ediler.

Ýeri gelende bellesek, meşhur neşiriň okyjylary geçen ýylda bu derejäni Jozef Baýden bilen Kamala Harrise berdiler.

şu gün 11:05
1.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.5k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......