Bad Bunny Spotify-de ýylyň iň meşhur aýdymçysy boldy

  • 06.12.2021 21:15
  • 3.5k+

Spotify striming hyzmaty ýylyň iň meşhur aýdymçylarynyň statistikasyny paýlaşdy. Sanawyň başyny rep aýdymçysy Bad Bunny çekýär. Bu barada NME salgylanyp, regnum.ru habar berdi.

Statistikada 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 27-nji noýabry aralygyndaky döwür göz öňünde tutuldy. Netijede, Puerto Rikodan bolan aýdymçynyň aýdymlary 2020-nji ýyldaky 8,3 milliard gezekden artyp, jemi 9,1 milliard gezek diňlendi. Iň gowularyň sanawynda ondan soň Teýlor Swift, Dreýk, Jastin Biber we BTS hem bar. Bütin dünýäde tanalýandygyna garamazdan, Bad Bunny Angliýada gaty bir meşhur däl. Iň köp diňlenýänleriň arasynda Angliýada 1-nji ýeri Drake eýeledi.

Şeýle-de bolsa, platformanyň iň meşhur aýdymyny ("Drivers License", 1,1 milliard gezek diňlendi) we albomyny ("Sour") Oliwiýa Rodrigo öz adyna ýazdyrdy Onuň "Good 4 U" aýdymy 2021-nji ýylda Angliýanyň iň gowy aýdymy boldy.

düýn 15:42
1.9k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....

23.04.2026 11:43
3.5k+

Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar

Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz......

16.04.2026 22:53
1.8k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....