YHG-nyň Aşgabat sammiti dünýä metbugatynda giň seslenme tapdy

YHG-nyň Aşgabat sammiti dünýä metbugatynda giň seslenme tapdy

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýurdumyzyň başlangyjy boýunça yglan edilen 2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy syýasy wakalarynyň birine öwrüldi. Geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýän döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanmalaryna eýe boldy hem-de bu uly ähmiýetli waka degişli maglumat we habar beriş meýdançasyna öwrüldi.

Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça YHG-nyň döredilen gününde geçirilen sammit öz işine başlamagynyň öňüsyrasynda žurnalistler tarapyndan, ýokary derejede geçirilen köptaraply gepleşikleriň we onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň syýasy ähmiýeti nazara alnyp, umumydünýä ähmiýetli wakalaryň hatarynda goýuldy. Öňdebaryjy halkara habarlar agentlikleri, maglumat-syn portallary, telewideniýe ýaýlymlary hem-de köp sanly internet serişdeleri Aşgabat sammitine we onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara syn berdiler. YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlaryny, tekliplerini hem-de başlangyçlaryny, abraýly sebitleýin guramanyň işiniň geljekki ugurlaryny teswirlediler.

Türkiýäniň «Anadolu» habarlar agentligi, Eýranyň «Mehrnews» we «IRNA», Pakistanyň «Assoсiated Press of Pakistan» agentlikleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň sanly hem-de metbugat köpçülikleýin habar beriş serişdeleri paýtagtymyzda geçirilen duşuşyk barada ilkinjiler bolup seslendiler.

Aşgabatda ýokary derejede geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleler köp sanly daşary ýurtlaryň elektron neşirleriniň üns merkezinde boldy. Russiýanyň PRIME ykdysady habarlar agentligi YHG-a agza ýurtlaryň Liderleriniň guramanyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine seretjekdiklerini habar berdi. Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasylarynyň birine öwrüldi. Russiýanyň “RIA Nowosti” halkara habarlar agentligi YHG-nyň Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň wajypdygyny ykrar edýändigini hem-de bu ýurdy dikeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça milli, sebit we ählumumy tagallalary birleşdirip, üýtgewsiz goldaw berilmelidigi baradaky başlangyjyny beýan etdi. “Kaspiýskiý westnik” maglumat-syn portaly öz gezeginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi.

Pakistanyň «Associated Press of Pakistan» habarlar agentligi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň eýeleýän geostrategik ýagdaýy hem-de Hytaý, Ýewropa, Russiýa we Pars aýlagy ýurtlary bilen goňşuçylykda ýerleşýän sebitiň uly mümkinçiliklerini aýratyn nygtady.

Özbegistanyň Milli habarlar agentligi, bu goňşy ýurduň sammitiň işini giňden beýan eden uz.sputniknews, yuz.uzdarakchi.uz internet serişdeleri 2022-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmegiň Özbegistan Respublikasyna geçmegi bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň möhüm başlangyçlaryna, hususan-da, YHG-nyň çäklerinde BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA) bilen bilelikde Söwda, maýa goýumlar we innowasiýalar merkezini döretmek baradaky teklibine ünsi çekdiler.

«AZERTAC» we «TREND» habarlar agentlikleri, öz nobatynda, Azerbaýjanyň Prezidentiniň täze ulag geçelgelerini döretmek hem-de möhüm ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek baradaky tekliplerini nygtadylar.

YHG-nyň Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiniň işi, onda beýan edilen teklipler, forumyň çäklerinde geçirilen çäreler, hususan-da, ikitaraplaýyn duşuşyklar we YHG-nyň işewürlik maslahaty barada “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur serişdeleri — “Mir 24” teleýaýlymy hem-de habarlar internet portaly, SNG.TODAY, Central Asia.news saýtlary, köp sanly beýlekiler jikme-jik habar berdiler.