Jek Dorsi Twitteriň baş müdiri wezipesini terk edýär

  • 01.12.2021 09:29
  • 5.7k+

Twitter sosial ulgamyny esaslandyryjy Jek Dorsi adybir kompaniýanyň baş müdiri wezipesinden gidýändigi barada habar berdi. Ol gitmek baradaky kararyny özüniň Twitter sahypasynda tassyklady diýip, TASS habar berýär.

“Men wezipeden gitmegiň wagty gelendigi barada karara geldim” – diýip, Dorsi beýannamada belledi. Ol Twitteriň tehniki müdiri Parag Agrawalyň duşenbe gününden baş müdir wezipesine girişýändigini sözüniň üstüne goşdy. Agrawalyň baş müdir wezipesine bellenilmegini Twitteriň müdirler geňeşiniň agzalary biragyzdan goldadylar diýlip, kompaniýanyň beýannamasynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Dorsiniň kompaniýanyň paýdarlarynyň 2022-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek nobatdaky duşuşygyna çenli müdirler geňeşinde agzalygyny saklajakdygy bellenilýär. “Şondan soň men ol ýerden hem çykaryn” – diýip, Dorsi aýtdy.

Twitter ulanyjylara gysga habarlary alyşmaga, pikir soraşmalary guramaga, suratlary we wideolary neşir etmäge mümkinçilik berýän sosial ulgamdyr. Ol Odeo amerikan kompaniýasynyň işgärleri Jek Doris, Noa Glass, Ewan Uilýams we Biz Stoun tarapyndan döredildi. Doris ondaky ilkinji habary (“Ýöne bir öz Twitterimi sazlaýaryn”) 2006-njy ýylyň 21-nji martynda neşir etdi. Ol bu neşiri şu ýylyň mart aýynda auksionda biri-biriniň ornuny tutmaýan token görnüşinde (NFT) 2,9 mln dollardan gowrak baha satdy. 

Dorsi Twitteriň baş müdiri wezipesini 2006-njy ýyldan 2008-nji ýyl aralygynda eýeledi we oňa 2015-nji ýylda gaýdyp bardy. “Forbes” žurnaly onuň baýlygyny 11,8 mlrd dollar bilen bahalandyrýar. Şu ýylyň üçünji çärýegindäki maglumatlar boýunça, tutuş dünýäde her gün ortaça 211 mln adam Twitterden peýdalanýar.

şu gün 12:53
383

Eli Lilly 1 trln dollar bazar bahasyna ýeten ilkinji farmasewtika kompaniýasy boldy

Eli Lilly amerikan kompaniýasy 1 trln dollar bazar bahasyna ýetip, taryhda şeýle görkezijä ýeten ilkinji farmasewtika kompaniýasy boldy. Häzire çenli bazarda bu derejä, esasan, tehnologiýa kompaniýalary ýetipdi diýip, CNBC belleýär...

23.11.2025 20:28
2k+

Bezos täze «Project Prometheus» startapyny esaslandyrdy we 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady

Milliarder Jeff Bezos emeli aň ulgamynda «Project Prometheus» atly başlangyjyny işe girizdi. The New York Times gazetiniň habaryna görä, kompaniýa eýýäm 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady we bu ony irki tapgyrdaky maliýeleşdirme boýunça dünýäde öňdebaryjy başlangyçlaryň birine öwürdi...

22.11.2025 23:57
1.4k+

Nvidia işgär başyna 4,4 mln dollar, Netflix birneme az gazanýar

Nvidia, Netflix we Apple işgär başyna düşýän girdejiniň ululygy boýunça tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda öňdebaryjylar boldy. Şeýle statistikany OnDeck kompaniýasy hödürledi. Işgär başyna girdeji (RPE) kompaniýanyň işiniň netijeliliginiň giňden ýaýran görkezijisi bolup, işçi güýjüniň öndürijiligine baha bermek üçin ulanylýar...

17.11.2025 09:56
2.2k+

Financial Times: Apple Tim Kugy çalyşmaga taýýarlygy işjeňleşdirdi

Apple-iň müdirler geňeşi we ýokary ýolbaşçylygy Tim Kuguň baş direktor wezipesinden gitmegine taýýarlygy işjeňleşdirdi. Bu barada kompaniýanyň içindäki gürrüňler bilen tanyş çeşmelere salgylanyp, Financial Times (FT) habar berýär...