Geljek gyş paslynda hödürlenjek täze awtomobilleriň bäşligi düzüldi

  • 01.12.2021 09:25
  • 10k+

Ýakyn wagtda dünýäniň awtoöndürijileri täze önümleri hödürlemegi meýilleşdirýärler. Bu barada car.ru  habar berýär. Chevrolet Silverado elektrik pikapy 2021-2022-nji ýylyň gyş paslynyň ilkinji täze awtomobili bolar. Tanyşdyrylyş dabarasy geljek ýylyň 5-nji ýanwarynda geçiriler. Bu awtomobil goşmaça zarýad bermezden 640 km ýoly geçip bilýär. 2022-nji ýylyň fewral aýynda ýaş alyjylar auditoriýasyna niýetlenen täzelenen elektrokar Hyundai Ioniq 6 görkeziler. Tehniki maglumatlar heniz ýok. Ýöne kämilleşdirilen aerodinamikanyň hasabyna ýol ätiýajynyň 700 km çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Nemes awtoöndürijisi indiki ýylyň 3-nji ýanwarynda elektrikleşdirilen awtomobilleriň täze hatarynyň peýda boljakdygyny delillendirýän Mercedes Vision EQXX konseptini hödürlär. “Zarýadlanan” pikap Ranger Raptor hem gyşyň ýene bir täze modeli bolar. Awtomobil 2,7 litrlik 330 at güýjündäki enjam bilen üpjün edildi. Onuň bilen birlikde awtomatiki herekete geçiriji guty we doly herekete getiriji işleýär.

Suzuki Alto-nyň täze nesli bäşligi jemleýär. Bu model ilkinji gezek 1979-njy ýylda peýda boldy, şonuň üçin täzelenen nesil öndürijiniň çykarylýan awtomobilleri kämilleşdirip, olary bäsdeşlige ukyply edýändigini delillendirýär. Awtomobiliň häzirki nesli model üçin hasap boýunça dokuzynjy bolar. Awtoulagyň kuzowy birneme burçly we has döwrebap bolar. Onuň uzynlygy 3 395 mm ýeter. Bu ondan öňdäki model bilen deňeşdirilende, 25 mm kiçidir. Ýöne awtomobiliň beýikligi 45 mm artdy we häzir bu parametr 1 525 mm ýetýär. Awtomobiliň premýerasy şu ýylyň ahyrynda bolar. 

şu gün 10:58
1.1k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

düýn 10:28
1.1k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.4k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
3.8k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......