Türkmen-türk haryt dolanyşygy ýylda 5 milliard dollara çykar

  • 27.11.2021 20:42
  • 12k+

Aşgabatda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň jemleri boýunça iki ýurduň Liderleri metbugat maslahatynda çykyş etdiler diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Metbugat maslahatynyň barşynda Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkyny ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Türk Lideriniň habar bermegine görä, Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygyny ýylda 5 milliard dollara çenli ýetirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow Ärdogany Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglady. Ärdogan bu sylagy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändiginiň görkezijisi diýip belledi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Prezidentler Bilelikdäki beýannama gol çekdiler.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda resminamalaryň toplumyna, şol sanda diplomatiýa we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi.

Prezident Ärdoganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Prezidentiň ýan ýoldaşy Emine Ärdogan, energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, goranmak ministri Hulusi Akar, bilim ministri Mahmut Özer, oba hojalyk we tokaý ministri Bekir Pakdemirli, ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, söwda ministri Mehmet Muş, Prezidentiň edarasynyň aragatnaşyk boýunça ýolbaşçysy Fahrettin Altun we Prezidentiň edarasynyň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bar.


düýn 19:30
1.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......