FIFA ýylyň iň gowy oýunçysy diýen ada dalaşgärleri yglan etdi

  • 23.11.2021 18:43
  • 14k+

FIFA-nyň The Best baýragyna dalaşgär görkezilen oýunçylaryň atlary belli boldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy 2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda bolar diýip, sport-express.ru habar berdi.

Baýraga dalaşgär görkezilen oýunçylaryň sanawy şulardan ybarat:

  • Karim Benzema (Fransiýa, "Real")
  • Kewin de Bruýn (Belgiýa, "Mançester Siti")
  • Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa, "Ýuwentus"/ "Mançester Ýunaýted")
  • Erling Holland (Norwegiýa, "Borussiýa")
  • Jorjinýo (Italiýa, "Çelsi")
  • Ngolo Kante (Fransiýa, "Çelsi")
  • Kilian Mbappe (Fransiýa, "PSŽ")
  • Robert Lewandowski (Polşa, "Bawariýa")
  • Lionel Messi (Argentina, "Barselona"/"PSŽ")
  • Neýmar ("Braziliýa", "PSŽ" )
  • Mohamed Salah (Müsür, "Liwerpul")

Şol bir wagtyň özünde derwezeçiler aýratyn kategoriýada tapawutlandyryldy:

  • Alisson (Braziliýa, "Liwerpul")
  • Janluiji Donnarumma (Italiýa, "Milan"/"PSŽ")
  • Eduard Mendi (Senegal, "Çelsi")
  • Manuel Noýer (Germaniýa, "Bawariýa")
  • Kasper Şmeýhel (Daniýa, "Lester").

şu gün 17:19
970

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

şu gün 13:23
4.5k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

düýn 18:12
7.3k+

Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi...

düýn 10:47
3k+

Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy

Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar...