70%-e çenli: Giper bir hepdeläp «Ajaýyp anna» arzanlaşygyny yglan etdi

70%-e çenli: Giper bir hepdeläp «Ajaýyp anna» arzanlaşygyny yglan etdi

Giper onlaýn söwda platformasy tutuş dünýäde meşhur bolan «Ajaýyp anna» arzanlaşygyny yglan etdi. Emma bu aksiýa dünýäde däp bolan arzanlaşykdan tapawutlylykda, bir gün däl-de tutuş bir hepdeläp dowam eder.

70%-e çenli ýetýän arzanlaşyk aksiýasyndan özüňe gerekli harydy onlaýn sargyt etmek mümkinçiligi 22-28-nji noýabr aralygynda mümkin bolar.

Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda özüňi hem-de ýakynlaryňy öňden arzuwlap gelýän harydyňy arzan bahadan satyn alyp begendirmek üçin amatly pursaty elden bermäň. Arzanlaşyk aksiýasy onlaýn söwda platformasyndaky harytlaryň dürli görnüşlerine degişli bolar.
Onlaýn söwda platformasynyň hünärmenleri sargydyňyzyň size tiz wagtda we ýokary hilli ýetirilmegini üpjün eder.
Giper üçin uly arzanlaşyk ýa-da sowgatly gün aksiýalary eýýäm adaty däbe öwrüldi. Ýakynda, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Giper 30 günläp arzanlaşyk yglan edipdi.
2019-njy ýylda işe girizilen Giper Türkmenistanda onlaýn söwda işini guramak boýunça öňdebaryjy söwda platformasy bolup durýar. Müşderileriniň isleglerini kanagatlandyrmak, harytlaryň sanyny hem-de görnüşlerini yzygiderli artdyrmak, galyberse-de, olaryň ýokary hil derejesini we tiz wagtda sargytça ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Giper oňyn seslenmä eýedir.

Giper onlaýn söwda platformasy Play Market-den hem-de App Store-den ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993-62-00-68-19+993-62-24-43-19
Web saýt: gipertm.com