ЮНЕСКО включило юбилей Аль-Бируни и 2500-летие Тахти Сангин в Список памятных дат

  • 20.11.2021 19:44
  • 3.4k+

2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetiniň Daşary işler ministri, Täjigistan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň başlygy Sirojiddin Muhriddiniň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşygynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň maslahat bermegi we Baş konferensiýanyň 41 C/15 karary bilen Täjigistanyň gadymy şäher harabaçylygy Tahti Sanginiň 2500 ýyllygy boýunça nominasiýasy we Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gündogaryň görnükli alymy Abu Reýhan Biruniniň doglan gününiň 1050 ýyllygy bilen bagly bilelikdäki nominasiýasy 2020-2023-nji ýyllarda ÝUNESKO-da bellenilýän şanly we ýatdan çykmajak seneleriň sanawyna girizildi. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Täjigistanyň Milli habarlar agentligi “Howar” habar berýär. Muny e-cis.info ýetirýär.

Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 221-nji sessiýasynda Täjigistan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň başlangyjy bilen TR-niň Daşary işler ministrligi Täjigistan Respublikasynyň gadymy şäher harabaçylygy Tahti Sanginiň 2500 ýyllygy boýunça nominasiýasyny, şeýle-de Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Abu Reýhan Biruniniň 1050 ýyllygy bilen bagly bilelikdäki nominasiýasyny ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşmagy teklip etdi.

Parižde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji sessiýasy 2021-nji ýylyň 24-nji noýabryna çenli dowam eder.


14.05.2026 00:03
7.2k+

Даже Великая Китайская стена: 80% объектов Всемирного наследия ЮНЕСКО под угрозой из-за изменения климата

Согласно исследованию ЮНЕСКО 2025 года, 80% объектов Всемирного наследия находятся под климатическим стрессом....

03.05.2026 13:30
1.4k+

Достижения Аркадага будут представлены на Всемирном форуме городов в Баку

Достижения города Аркадаг будут представлены на предстоящей 13-й сессии Всемирного форума городов в Баку. Вопросы подготовки к участию в данном мероприятии обсудили на рабочем совещании в ходе визита......

11.03.2026 17:11
2.8k+

Туркменистан стал соавтором резолюции ООН о Международном дне кофе

Генеральная Ассамблея ООН провозгласила 1 октября Международным днем кофе. Соответствующая резолюция была одобрена во вторник в Нью-Йорке. Соавторами документа выступили десятки стран, среди них Туркменистан, Узбекистан и Кыргызстан...

22.02.2026 15:18
1.5k+

В МИД Туркменистана прошло заседание Национальной комиссии по делам ЮНЕСКО

В Министерстве иностранных дел Туркменистана под председательством главы ведомства, вице-премьера Рашида Мередова состоялось очередное заседание Национальной комиссии по делам ЮНЕСКО. Об этом сообщили в пресс-службе Министерства...