«Garagum» oteliniň ýanynda täze «Erkin» seýilgähi açyldy

  • 20.11.2021 09:29
  • 6.5k+

19-njy noýabrda Aşgabadyň demirgazyk künjeginde täze “Erkin” atly seýilgäh açyldy. Ol Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy.

Seýilgähiň açylmagy mynasybetli dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri,  hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Şäheriň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde gurlan “Erkin” seýilgähi A.Nyýazow şaýoly we Amyderýa köçeleri bilen Hoja Ahmet Ýasawy we B.Hudaýnazarow köçeleriniň aralygynda ýerleşdirildi. Onuň umumy eýeleýän meýdany 16,97 gektara barabardyr. Seýilgähiň merkezinde belentligi 22 metr bolan Baýdak sütüni oturdylyp, onda Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tugy erkana parlaýar.

Bu ýerde dynç almak üçin niýetlenen ýerler özboluşly yşyklandyryş ulgamy, pyýada we welosiped ýodalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Welosiped sürüjiler üçin seýilgäh zolagynyň daşynda-da ýörite ýoda guruldy. Uly awtoduralganyň iki tarapynda hem welosipedleri goýmak üçin ýörite ýerler göz öňünde tutuldy.  Gök zolaklar bu künjegiň tebigy aýratynlyklary esasynda ýerleşdirildi. Seýilgähiň çäklerinde saýaly we pürli agaçlaryň, beýleki ösümlikleriň 7 müňden gowragy oturdyldy.


düýn 09:01
3k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....