Bahreýn COVID-19-a garşy Evusheld dermanyny tassyklan ilkinji ýurt boldy

Bahreýn COVID-19-a garşy Evusheld dermanyny tassyklan ilkinji ýurt boldy

Bahreýn hökümeti AstraZeneca britan-şwed kompaniýasynyň COVID-19-a garşy öndüren Evusheld (AZD7442 ady bilen belli bolan) dermanynyň ýurtda gyssagly ulanylmagyny makullady. Bu barada Bahreýniň habarlar agentligi (BNA) habar berýär diýip, TASS belleýär.

Bellenilişi ýaly, degişli karar AstraZeneca tarapyndan berlen ähli zerur maglumatlara baha berlenden soň, Saglygy goraýyş ulgamynda kadalaşdyryjy milli agentlik tarapyndan kabul edildi. BNA Bahreýniň bu dermanyň COVID-19 keseline garşy ulanylmagyny tassyklan ilkinji ýurtdygyny belleýär.

“Antibedenjiklerden kokteýl” diýlip hem atlandyrylýan Evusheld 18 ýaşdan ulular, esasanam, immuniteti gowşak bolan adamlar, şeýle-de kärleri keseliň ýokuşma töwekgelçiligi bilen baglanyşykly bolan patyşalygyň raýatlary we wekilleri üçin elýeterli bolar. 

Derman iki monoklonal antibedenjikleriň – tiksagewimab bilen silgawimabyň garyndysyndan taýýarlanandyr. Onuň synag ulanylyşy keseliň ýeňil alamatlary bolan hassalarda, şeýle-de koronawirus keseliniň agyr ýagdaýy bolan hassalarda hem ýokary netijeliligi görkezdi diýip, BNA belleýär.

11-nji oktýabrda AstraZeneca “antibedenjiklerden kokteýliň” SARS-CoV-2 koronawirusy bilen kesellemegiň netijesinde keseliň agyr görnüşiniň güýçlenmeginiň öňüni almak maksadyna ýetendigini habar berdi.