Obasenagat pudagynyň wekilleri ýetilen sepgitler we wezipeler barada pikir alyşdylar

  • 15.11.2021 09:56
  • 4.2k+

14-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy: ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, Agrar partiýasynyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri hem-de obasenagat ulgamynda işleýän telekeçiler, alymlar we bilermenler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy meseleleriniň hatarynda ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünlikler hem-de amala aşyrylýan özgertmeler, ekinleri ýetişdirmekde ylmyň iň gowy tejribelerini ulanmak we seçgiçilik bilen bagly ugurlar boldy. Türkmen çig malyndan taýýar önümleri dünýä bazarlarynda ilerletmek, Türkmenistanyň pagtaçylyk we pagtany gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň wezipelerine hem garaldy.

Oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň barşynda daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, kompaniýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş etdiler.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......