«Mançester Ýunaýted» Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler

  • 11.11.2021 08:01
  • 16k+

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu “Mançester Ýunaýted” häzirki möwsümiň ahyrynda Çempionlar Ligasyna ýollama almasa, klubdan gidip biler. Bu barada “Daily Express” neşiri habar berýär. Muny championat.com ýetirýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, Ronaldu toparyň häzirki ymtylyşyndan nägile bolýar. 36 ýaşly oýunçy karýerasynyň soňky ýyllaryny Ýewropa Ligasynda oýnamaga sarp etmek islemeýär. 

Häzirki wagtda “Mançester Ýunaýted” Angliýanyň Premýer-ligasynyň turnir jedwelinde altynjy orny eýeleýär. Toparyň hasabynda 11 oýunda 17 utuk bar.

Ýatlap geçsek, Kriştianu Ronaldu 2021-nji ýylyň 27-nji awgustynda Turiniň “Ýuwentusyndan” gidip, “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy. Ronaldu bu topar üçin 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli hem çykyş edipdi.  Ol karýerasyna Lissabonyň “Sporting” toparynda başlady. 

Ronaldu “Ýuwentusda” 2018-nji ýylda çykyş edip başlady. Geçen möwsümde ol 29 gol geçirip, Italiýanyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy. Kriştianu 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Madridiň “Realynda” oýnady.


şu gün 09:54
130

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
12k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
9.8k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.6k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......