ÝUNESKO-da 75 ýyllygy mynasybetli guramanyň gazanan üstünlikleri barada sergi açyldy

  • 10.11.2021 14:13
  • 2.1k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň 75 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri we taslamalary barada gürrüň berýän sergi onuň Pariždäki ştab-kwartirasynda açyldy. Ekspozisiýa ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji sessiýasynyň başlanmagyna gabat getirildi. Bu barada TASS habar berýär.

“Biz diňe bir maksatnamalar we iş ugurlary barada däl, eýsem ÝUNESKO-nyň hakyky hereketleri barada gürrüň bermek kararyna geldik” – diýip, serginiň ýolbaşçysy Kristian Puerta aýtdy. Ol dünýäniň dürli künjeklerinde häzirem dowam edýän sowatsyzlygy ýeňip geçmek kampaniýalary, Ikinji jahan urşundan soň bilim ulgamlarynyň dikeldilmegi we häzirki wagtda olara berilýän goldaw barada gürrüň berdi. Şeýle-de, Puerta guramada medeni gymmatlyklary goramak, jynsparazlyga we adam söwdasyna garşy kabul edilen dürli konwensiýalar barada ýatlap geçdi.

Umuman alanyňda, myhmanlar 150 töweregi eksponaty görüp bilerler. Ekspozisiýa guramanyň döredilmegi, medeni we taryhy mirasy gorap saklamak, bilim arkaly dünýäni üýtgetmek, adamzat mertebesini goramak, bilim almak we olar bilen paýlaşmak barada gürrüň berýän ýedi zolaga bölünýär.

Diwarlyklarda guramanyň ýygyndysyndan taryhy barada gysgaça gürrüň berýän resminamalar, suratlar, plakatlar we predmetler görkezilýär. Olaryň arasynda özboluşly obýektler, meselem, ýerli ilat tarapyndan ulanylan, taýaklardan we balykgulaklardan ýasalan Marşall adalarynyň kartasy, dünýä halklarynyň aýdymy bilen diwarlyklar, seýrek kitaplar bar. Ýakyn günlerde ekspozisiýa Portugaliýanyň Aroka geoseýilgähinden trilobidiň daşa öwrülen çanagy goşular. Mundan başga-da, ylmy bölümde Afrika yklymynyň geologik kartasy hödürlenýär. 


13.08.2025 10:57
6.9k+

Emmanuel Makron Fransiýanyň "iň soňky köçe gazet satyjysyny" Hormat ordeni bilen sylaglady

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 73 ýaşly gazet satyjysy Ali Akbary Respublikanyň ikinji ýokary baýragy bolan Hormat ordeni bilen sylaglamak barada yglan etdi. Bu barada The Times neşiri habar berdi. Ali Akbar Pariždäki Plýas-Sen-Sýulpis meýdanynda şäherde belli kafe Cafe de la Mairie-niň ýanynda işleýär...

26.07.2025 16:38
1.6k+

Microsoft Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder

Microsoft kompaniýasy Fransiýanyň hökümeti bilen bilelikde Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder. Bu barada Microsoft-yň prezidenti Bred Smite salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär...

18.07.2025 10:37
4.1k+

Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy (Kapowa gowagy hem diýilýär) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Parižde geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 47-nji mejlisinde kabul edildi. Gowak ýene-de 25 sany beýleki medeni ýadygärlikler bilen bilelikde sanawyň üstüni ýetirdi...

16.07.2025 13:34
4.9k+

Bawariýanyň galalary, Karnak megalitleri we Minos köşkleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO Bütindünýä mirasynyň sanawyna täze desgalary, şol sanda Fransiýadaky Karnak megalitlerini, Germaniýadaky patyşa Lýudwig II-niň galalaryny we Kritdäki Minos köşk toplumlaryny goşdy. Çözgüt ylmy gözlegler we tanyşdyryşlar bilen birlikde berlen arzalar gözden geçirilenden soň kabul edildi...