Odre Azule ÝUNESKO-nyň baş direktory wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 10.11.2021 08:24
  • 2.1k+

Odre Azule BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň baş direktory wezipesine ikinji möhlete saýlandy. Onuň dalaşgärligi ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji sessiýasynda goldanyldy. Sessiýa guramanyň Pariždäki ştab-kwartirasynda geçirilýär diýip, TASS habar berýär. 

“Bu ses berişligiň netijesinde men guramamyzda täzeden ynamyň we agzybirligiň alamatyny görýärin. Dünýäniň dürli künjeklerinden bolan bu agzybirlik we goldaw meniň işimiň ilkinji döwründe duýuldy we men ondan ylham alýardym. Men köp zat öwrendim. Men täze taslamalara açyklygyňyz üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär” – diýip, Odre Azule belledi.

“Biziň wezipämiz öz potensialymyzy görkezmek we döwrümiziň esasy kynçylyklaryny ýeňip geçmekdir. Dört ýyl mundan ozal siz meniň wadalarymy eşidip, maňa ynam bildirdiňiz, biz parahatçylygyň hatyrasyna işlemegimizi dowam etdireris. Men maňa uly wezipäniň ýüklenendigine düşünýärin. Men guramamyzyň jogapkärçiliginiň uludygyna düşünýärin we şol sebäpli men ÝUNESKO-nyň peýdasyna hyzmat etmek üçin elimden gelenini ederin” – diýip, baş direktor sözüniň üstüni ýetirdi.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek guramanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanan Azule ýeke-täk dalaşgärdi. Ony 169 saýlawçynyň 155-si goldady. Baş direktoryň täze mandaty 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda hereket edip başlar. 


şu gün 08:49
219

BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna......

düýn 23:47
2k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 16:55
5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

25.06.2026 19:11
6k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....