Türkmenistan Gruziýa awiaýangyç ibermekde birinjiligi eýeleýär

  • 09.11.2021 07:39
  • 6.6k+

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan Gruziýa awiaýangyjyň 54,9 müň tonnasyny iberdi we bu görkeziji boýunça ýurtda öňdeligi eýeledi. Bu barada «Report» habarlar agentligine salgylanyp, orient.tm maglumat berýär.

Gruziýa awiaýangyjy ibermekde Azerbaýjan ikinji orny eýeläp, bu ýurt geçen 10 aýda Gruziýa onuň 12 müň tonnasyny ugratdy. Uçarlar üçin ýangyjyň 10,5 müň tonnasyny ibermek bilen, Italiýa bu sanawda üçünji orny eýeleýär.  

Bellenilişi ýaly, ýurtda howa gatnawlarynyň dikeldilmegi bilen, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Gruziýa awiaýangyjyň importyny 54,7 göterim ýokarlandyrdy. Bu önüme islegiň geljek aýlarda hem häzirki ýaly derejede saklanmagyna garaşylýar.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, golaýda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli Jet A-1 awiakerosini öndürilip başlandy. Ol kärhananyň öndürýän ТС-1 uçar ýangyjynyň ýewropa görnüşidir. Jet A-1 Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň, şol sanda Airbus we Boeing howa gämileriniň gaz turbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýar. TNGIZT-niň täze ýangyjy halkara awiasiýa standartlaryna kybap gelýär hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Onuň önümçiligi 2008-nji ýylda ulanmaga berlen, kuwwaty ýylda 525 müň tonna deň bolan desgada amala aşyrylýar.


11.05.2026 22:55
937

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......