Gazagystan bilen AstraZeneca hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

  • 07.11.2021 23:21
  • 4.6k+

Gazagystan-Britaniýa hökümetara komissiýasynyň 8-nji umumy mejlisinde Gazagystanyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Almas Aýdarowyň we Britaniýanyň halkara söwda boýunça döwlet ministri Ranil Jaýawerdenanyň ýolbaşçylygynda Britaniýanyň öňdebaryjy farmasewtik kärhanasy AstraZeneca bilen özara hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi. Bu resminama respirator, onkologiýa we beýleki keselleri bejermekde, şol sanda täze tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň açylmagyna ýardam eder. Bu barada edaranyň metbugat gullugyna salgylanyp, centralasia.news habar berýär.

Mejlisde hökümetara komissiýasynyň 2020-nji ýyldaky işleriniň netijeleri, şeýle-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze taraplary maslahatlaşyldy. Ýörite iş toparlary maliýe, dag-magdan, energetika, ylym-bilim, oba hojalyk pudaklaryndaky işler we sanlylaşdyrmak barada hasabat berdiler.

Öz gezeginde, gazagystanly syýasatçy koronawirusyň ýaramaz täsirine garamazdan, geçen ýyl Gazagystan Respublikasyna Britaniýanyň maýa goýumlarynyň möçberiniň 36 göterim, 620-den 849 mln ABŞ dollaryna çenli ýokarlanandygyny belledi. Ýanwar – iýun aýlarynyň netijesi boýunça, Beýik Britaniýanyň ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 32% ýokarlanyp, 612 mln dollara ýetdi.

Britaniýa tarapy döwletiň ýurtda işewürligi alyp barmak üçin has gowy şertleriň döredilmegi ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi we sanlylaşdyrmak, agrosenagat toplumy,  ýaşyl energetika we saglygy goraýyş pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga Beýik Britaniýanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady.


17.06.2026 11:27
2.3k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.4k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......