Sukerbergiň yzy bilen: Microsoft öz Metaälemini anons etdi

  • 03.11.2021 12:51
  • 7.2k+

Adyny Meta diýip üýtgeden Facebook-yň yzysüre Microsoft öz metaälemini tanyşdyrdy.  Bu çözgüt wirtual awatarlary we immersiw iş giňişligini döretmäge mümkinçilik berer diýlip, Ignite 2021 konferensiýasynda yglan edildi. Bu barada rg.ru habar berdi.

Mesh for Teams-iň ulanyjylary öz sanly awataryny döredip, ony wirtual gurşawdaky ýygnaklarda ulanyp bilerler. Beýleki gatnaşyjylar hem, öz isleglerine görä, awatarlar bilen şekillendirilip, wideoýazga gatnaşyp bilerler.

Awatarly wirtual ýygnaklary guramakdan başga-da, kompaniýalar immersiw giňişlikleri - metaälemi döredip bilerler. Netijede, çözgüt hatda dünýäniň dürli künjeklerinden bolan adamlara hem bir gurşawda bolmaga mümkinçilik berer.

Mesh for Teams smartfonlardan we kompýuterlerden başlap, dürli enjamlarda goldanylar. Ol iki režimde işlär. “Together Mode” gatnaşyjylaryň arasynda wizual araçäkleriň utgaşýan konferensiýa otagy ýaly gatnaşyjylar üçin ýeke-täk wirtual giňişlik döredýär. Beýleki režim “Presenter View” bir gatnaşyja slaýdlaryň we bellikleriň yzygiderliligini görkezip, hakyky wagtda başgalara prezentasiýa bermäge mümkinçilik berýär.

2021-nji ýylyň mart aýynda Microsoft ilkinji gezek ulanyjylaryň mazmun we biri-biri bilen meta-giňişlikde täsirleşip bilýän garyşyk hakykat platformasy bolan Mesh-i ilkinji gezek hödürläpdi. Mundan ozal Mark Sukerberg hem metaälem döretmek meýilnamasyny yglan edipdi.


şu gün 00:17
679

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

12.05.2026 15:04
1.3k+

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

11.05.2026 20:26
927

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

11.05.2026 15:47
1.5k+

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....