Amazon 2022-nji ýylda Kuiper internet hemralarynyň ilkinji iki prototipini uçurar

  • 03.11.2021 12:54
  • 5.6k+

Amazon-yň golçur kärhanasy Kuiper Systems 2022-nji ýylda iki prototipli internet emeli hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Amazonyň ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna (FCC) beren ýüz tutmasyna salgylanyp, The Verge ýazýar.

Iki prototip - KuiperSat-1 we KuiperSat-2 - häzirki wagtda ABL Space Systems startapy tarapyndan işlenip düzülýän synag RS1 raketasynyň kömegi bilen orbita çykarylar.

Kuiper-iň maksady ýakyn on ýylda bütin dünýäde internete giň elýeterliligi üpjün etmek üçin 3236 hemradan ybarat topary Ýeriň aşaky orbitasyna çykarmak bolup durýar. Netijede, interneti ulanmak üçin infrastruktura döretmek kyn bolan obalar we beýleki sebitler bilen işleşmek meýilleşdirilýär.

Bu, bir tarapdan, Ilon Maskyň kompaniýasynyň  hemra internetine elýeterliligi üpjün etmegi maksat edinýän Starlink konsepsiýasyna meňzeýär. Şeýle-de bolsa, Amazon-dan tapawutlylykda, SpaceX eýýäm 1700 hemrany orbita uçurdy. Umuman alanyňda, kompaniýa, azyndan, 12 müň hemrany uçurmagy, belki-de onlarça müň uçuryşy meýilleşdirýär.

Geçen hepde Amazon uçuş üçin ulanyljak hereketlendirijileri synagdan geçirdi. Ilkinji prototipler Ýerden 590 kilometr belentlikde işlär. KuiperSat-1-e we KuiperSat-2-ä antennalar, modemler we hereketlendiriji gurluş ýerleşdiriler. Şeýle hem Kuiper taslamasynyň gutarnykly bahasynyň 10 milliard dollar boljakdygy habar berildi.


şu gün 12:36
1.5k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......

23.01.2026 14:46
1.5k+

Bezosyň kompaniýasy 6 Tbit/s maglumat geçirijilik tizligi bilen Starlink-iň bäsdeşini döreder

Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy orbitada 5408 hemradan ybarat TeraWave aragatnaşyk toruny işe girizmegi meýilleşdirýär diýip, CNBC habar berýär. Taslama maglumat merkezlerine, döwlet edaralaryna we korporatiw ulanyjylara hyzmat etmäge gönükdirilendir...

28.11.2025 11:42
2.6k+

Amazon ilkinji müşderiler üçin öz hemra internetine elýeterliligi açdy

Amazon ilkinji korporatiw müşderiler üçin öz Amazon Leo (öň Project Kuiper) hemra internetine çäkli elýeterliligi berdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde internet ägirdi Amazon Leo Ultra hemra antennasyny hödürledi...

30.04.2025 13:23
1.9k+

Amazon ilkinji Project Kuiper hemralaryny orbita çykardy. Ol Starlink bilen bäsleşer

Amazon kompaniýasy Atlas V raketasynyň kömegi bilen öz Project Kuiper internet ulgamynyň 27 hemrasyny üstünlikli uçurdy. Bu kompaniýanyň Starlink bilen bäsleşjek global ulgamy döretmek ugrunda ilkinji ädimidir...