Türkmen manadynyň 28 ýyllygy bellenildi

Türkmen manadynyň 28 ýyllygy bellenildi

1-nji noýabrda Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka bolandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, amala aşyrylýan işleriň netijesinde milli pul birligimiz — manat elektron görnüşde hem giňden ulanylýar. Türkmenistanlylaryň “Altyn asyr”, “Millikart”, “Maşgala”, “Goýum bank karty», “Overdraft karty”, şeýle hem halkara “VISA” we “MasterСard” bank kartlaryny peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyry açdy.

Şanly sene mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen pul birlikleriniň nusgalaryny, gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullary, milli zergärçilik şaý-seplerini hem-de ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän ýörite sergi guraldy.