FIFA Dünýä çempionaty her iki ýyldan bir gezek geçirmek pikirini öwrenýär

  • 22.10.2021 16:14
  • 6k+

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) Dünýä çempionatyny her iki ýyldan bir gezek geçirmek boýunça ähli garaýyşlary gözden geçirjekdigini mälim etdi. Bu barada rsport.ria.ru habar berdi.

Maý aýynda FIFA-nyň erkekler we aýallar toparlary üçin Dünýä çempionatlaryny her iki ýyldan bir gezek geçirmek mümkinçiligini öwrenjekdigi habar berildi. Häzirki wagtda Dünýä çempionaty her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Infantino 30-njy sentýabrda guramanyň halkara senenamasyndaky ilkinji onlaýn sammitinde futbolyň ösmegi üçin esasy ýaryşlaryň arasyndaky wagty gysgaltmagyň zerurdygyny aýtdy.

Sentýabr aýynyň başynda bolsa Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) başlygy Aleksandr Çeferin Dünýä çempionatyny her iki ýyldan bir gezek geçirmegiň ýaryşyň abraýyny gowşatjakdygyny aýdypdy.


düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......