“Rönesans Holding” Türkmenistan üçin täze taslamalary we teklipleri taýýarlady

  • 20.10.2021 13:50
  • 14k+

19-njy oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol türkmen Liderine täze taslamalaryň we teklipleriň işlenilip taýýarlanylandygy barada hasabat berip, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, türkmen tarapynyň esasy we hökmany talaplaryna işewüriň ünsüni çekdi. Şol talaplar gurluşygyň alnyp barlyşynyň tertibini hem-de desgalary ulanmaga tabşyrmagyň şertnamada bellenilen möhletlerini pugta berjaý etmekden ybaratdyr. Şunda hemme işleriň ýokary hil derejesinde, häzirki zaman şäher gurluşygynyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygy nygtaldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda “Rönesans Holdinge” birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şol desgalaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar. Nygtalyşy ýaly, kompaniýa rowaçlyk we gülläp ösüş ýolundan ynamly barýan Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary netijelidigine tüýs ýürekden buýsanýar.


düýn 23:23
1.6k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.6k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....