Režissýor Jeýn Kempion Lionda doganlar Lýumýerler adyndaky baýraga mynasyp boldy

  • 19.10.2021 18:56
  • 1.6k+

Fransiýanyň merkezindäki Lionda geçirilýän doganlar Lýumýerler adyndaky festiwaly gurnaýjylar kino baýragyny täze zelandiýaly režissýor Jeýn Kempiona gowşurdylar. Bu barada olaryň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.

Kempion dünýä kinematografynyň ösüşine goşan goşandy üçin sylaglandy. Onuň iş meşhur filmi “Pianino” bolup, bu film üçin ol Halkara Kann festiwalynyň Altyn palma şahasyna, şeýle-de iň gowy ssenariýa üçin “Oskar” baýragyna mynasyp boldy. Şu ýyl 67 ýaşly Kempion alty ýyllap döredijilik dymyşlygyndan soň, özüniň täze “The Power of the Dog” filmini hödürledi. Amerikaly ýazyjy Tomas Sewijiň adybir romanyna esaslanýan bu film Wenesiýa kinofestiwalynda eýýäm “Kümüş ýolbarsa” mynasyp boldy. 

Lionda geçirilýän kino forumyny gurnaýjylaryň habar bermegine görä, Kempionyň sylaglanmagy şu ýyl aradan çykan fransiýaly režissýor we ssenariýaçy Bertran Tawernýeniň iň soňky niýetleriniň biridi. Ol köp ýyllap festiwaly gurnaýjy “Lýumýer instituty” kino merkeziniň başlygy boldy. 

“Kinematografyň Nobel baýragy” hasaplanýan doganlar Lýumýerler adyndaky baýraga öň Frensis Ford Koppola, Jeýn Fonda, Wong Kar-Waý, Katrin Denew, Martin Skorseze, Pedro Almodowar, Kwentin Tarantino, Ken Louç, Žerar Depardýe, Miloş Forman, Klint Istwud mynasyp boldy. Geçen ýyl ol belgiýaly kinorežissýorlaryň duetine, doganlar Dardennlere – Lýuk bilen Žan Pýere berildi.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....