Mineýew AMC Fight Nights 105 ýaryşynda Ismailowy nokaut bilen ýeňdi

  • 19.10.2021 19:33
  • 11k+

Russiýanyň Soçi şäherinde WOW Arena stadionynda AMC Fight Nights 105 ýaryşy geçirildi.

Agşamyň esasy tutluşygy Magomed Ismailow bilen promouşeniň orta agram derejede çempiony Wladimir Mineýewiň arasynda geçirildi.
Mineýew üçünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy. Emin tutluşygy togtadandan soň, Ismailow uzak wagtlap özüne gelip bilmedi. Lukmanlar türgeni özüne getirmek üçin kislorod maskasyny ulanmaly boldular.
Türgenler üçin bu tutluşyk rewanşdy: olaryň ilkinji duşuşygy 2018-nji ýylyň güýzünde geçirilip, deňme-deňlikde tamamlandy.

şu gün 07:18
4.1k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

düýn 18:36
3.3k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

düýn 12:29
3.2k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

düýn 11:39
10k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......