New Shepard gämisi ikinji adamly uçuşyny amala aşyrdy

  • 18.10.2021 19:06
  • 9k+

Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy tarapyndan gurnalan New Shepard suborbital gämisi borty dört adamdan ybarat ekipaž bilen ikinji uçuşyny amala aşyrdy. Uçuş kompaniýanyň saýtynda ýaýlyma berildi. Bu barada www.m24.ru habar berýär.

Raketa ýerli wagt bilen 09:50-de ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Wan-Horn şäheriniň golaýyndaky kosmodromdan uçdy. Gämi 100 kilometrden gowrak belentlige galdy, raketa göterijisi bolsa kosmodroma dolanyp, asuda gonuşy amala aşyrdy.  

New Shepard-yň uçuşy 10 minutdan gowrak wagt dowam etdi, şondan soň gämi paraşýutlaryň kömegi bilen kosmodromdan birnäçe kilometr uzaklykda gondy. Kosmos syýahatçylaryny Bezosyň özi garşylady.

Ekipažyň düzümine Blue Origin-iň missiýalar we uçuşlar boýunça wise-prezidenti Odri Pauers, Dassault Systemes kompaniýanyň bölümçesiniň wise-başlygy Glen de Wris, NASA-nyň öňki inženeri we Planet Labs kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Kris Boşuizen we “Ýyldyz ýoly” ylmy-fantastik filmde baş keşpleriň birini ýerine ýetiren 90 ýaşly aktýor Uilýam Şatner girdi. Artist kosmos giňişligine haçan hem bolsa uçan adamlaryň arasynda iň garrysy boldy. 

Ýatlap geçsek, 20-nji iýulda bortunda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos bolan New Shepard gämisi ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy. Uçuş on bir minut dowam etdi.

Bezosdan öň suborbital uçuşy Virgin Galactic kompaniýasynyň bortunda esaslandyryjysy milliarder Riçard Brenson bolan Unity-22 gämisi amala aşyrdy.


19.05.2026 23:21
1.9k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.6k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......

20.04.2026 23:57
1.6k+

Blue Origin kompaniýasy New Glenn raketasyny ilkinji gezek gaýtadan uçurdy

Blue Origin kompaniýasy 19-njy aprelde uçurylanda New Glenn raketasynyň birinji basgançagyny ilkinji gezek gaýtadan ulandy. Bu raketanyň üçünji missiýasy mahalynda boldy....

15.04.2026 00:22
1.7k+

Blue Origin Aýdan kislorod alýan enjam döretdi

Blue Origin kompaniýasy elektrik togynyň kömegi bilen Aýyň tozundan (topragyndan) kislorod alyp bilýän reaktoryň döredilendigini habar berdi. Bu barada The Telegraph neşiri ýazýar....