Apple smartfonlaryň adynda S harpyndan doly ýüz öwürdi

  • 18.10.2021 18:59
  • 6k+

iPhone 13 flagman smartfonunyň çykmazyndan öň, Apple amerikan korporasiýasynyň smartfony iPhone 12S ady bilen çykarmagy göz öňünde tutýandygy barada pikirler boldy. Birinjiden, 13-lik san köp ýurtlarda şowsuz hasaplanýar, ikinjiden, kompaniýa adynda S harpy bolan gurluşlary öňem çykarýardy.

Ýöne käbir internet çeşmeleriniň ýalňyşandygy ýüze çykaryldy. Häzir kupertinoly kompaniýanyň özüniň mobil gurluşlarynda S harpyny ulanmakdan doly ýüz öwrendigi habar berilýär. Başgaça aýdylanda, 2022-nji ýylda iPhone 13S-iň çykmagyna garaşmaly däl, çünki täze smartfon iPhone 14 ady bilen çykarylar diýip, pepelac.news belleýär.

Munuň esasy sebäbi S harpynyň bolmagynyň täze smartfonlaryň satuwyna oňyn täsir etmeýändigindedir, sebäbi bu käbir ulanyjylarda täze smartfonuň geçen ýylky model bilen deňeşdirilende gaty üýtgemändigi baradaky pikiri döredip biler. Netijede, köp ulanyjylar täze smartfona geçmek islemeýär.

Ýatlap geçsek, Apple 2009-njy ýylda iPhone 3GS-de ilkinji gezek S harpyny ulandy. Şol wagt ýerine ýetiriji müdir Fil Şiller S harpynyň “tizligi” aňladýandygyny aýtdy. Bu hatardan iň soňky smartfon 2018-nji ýylda çykan iPhone XS boldy. Çeşmäniň belleýşi ýaly, Apple atdaky goşmaça harplaryň we sözleriň alyjylaryň satyn almak baradaky kararlaryna ýaramaz täsir edip biljekdigini ýüze çykardy. Şeýle-de, beýleki modeller bilen deňeşdirilende, az isleg bildirilýän iPhone 12 mini hem agzalýar.

iPhone 14 seriýasy bolsa dört modeli öz içine alar: 6,1 dýuýmlyk iPhone 14, 6,5-6,7 dýuýmlyk iPhone 14 Max, 6,1 dýuýmlyk iPhone 14 Pro we 6,7 dýuýmlyk iPhone 14 Pro Max.


19.05.2026 09:37
4.2k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....