Hasaplamalar: Ortaýer deňzinde 3,7 müň tonna plastik zibiller ýüzýär

  • 06.10.2021 19:30
  • 12k+

Gözlegçiler topary Ortaýer deňzinde ýerüsti çeşmelerden plastik zibilleriň ýollaryny yzarlamak üçin model döretdiler. Hasaplamalara görä, häzirki wagtda Ortaýer deňzinde 3,7 müň tonnadan gowrak plastik massa ýüzýär. Bu barada “Frontiers in Marine Science” žurnalynda neşir edilen makalada aýdylýar diýip, Trend habar berýär.

Ortaýer deňzi plastik hapalarynyň gyzgyn nokady hasaplanýar. Munuň gür ilatly kenar ýakasy, balykçylyk, gämi gatnawy, syýahatçylyk we ýerüsti suwlaryň Atlantik ummanyna çäkli akmagy bilen baglanyşyklydygy çaklanylýar. Şol bir wagtyň özünde Ortaýer deňzi biodürlülige baý bolup, bu ony ekologiki betbagtçylyk zolagyna öwürýär. Plastik galyndylar haýwanlaryň bedeninde tapylýar, olar iýmit bilen adam organizmine hem düşýär.

Alymlar 2010-njy ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwür üçin plastik galyndylaryň dolanyşygynyň modelirlemesini ulanyp, derýalar we kenarýaka şäherler ýaly ýerüsti çeşmelerden gelýän plastikleri yzarladylar. Bu gözlegçilere üstki gatlakda, suw galyňlygynda, deňiz düýbünde we kenarlarda mikro we makroplastikleriň üýşmeginiň potensial kanunylygyny anyklamaga mümkinçilik berdi.

Netijede, Ortaýer deňzine düşýän plastik massanyň ýyllyk ýüküniň, takmynan, 17,6 müň tonna barabar bolup, olardan 3760 tonnasynyň häzirki wagtda Ortaýer deňzinde ýüzýändigi anyklanyldy. Olaryň 84 göterimi kenara çykýar, galan 16 göterimi bolsa suw galyňlygyna ýa-da deňiz düýbüne gidýär.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......