Gurbanguly Berdimuhamedow: jogapkärçilik bolmasa, häkimiýet diňe howaýy düşünjedir

  • 04.10.2021 12:59
  • 16k+

TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman eksklýuziw interwýunyň ahyrynda türkmen Liderine: «Siz, Türkmenistanyň Prezidenti üçin häkimiýet näme? Onuň “tagamy” nähili?» diýip sowal berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada, ine, şeýle diýdi:

— Häkimiýet başynda durmak bilen, halkyň wepaly hemaýatkäri bolmagy, hakykatyň we ynamyň güýji bilen, öz Watanyma, halkyma hyzmat etmegi özüm üçin uly mertebe hasaplaýaryn. Şoňa görä-de, biz ýokary döwlet wezipesinde işlän tutuş döwrümiziň dowamynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş baýdak edindik. Bu taglymat ýurdumyzyň raýatlaryny birleşdirýän hem-de jebisleşdirýän, jemgyýetiň hil taýdan bütinleý täzelenmegini taplaýan ruhy esas bolup çykyş edýän umumymilli garaýyşlary açyp görkezýär.

Meniň üçin häkimiýet, ozaly bilen, örän ýokary jogapkärçilikdir. “Häkimiýet — munuň özi çözgütleri kabul etmek hem-de olary durmuşa geçirmek üçin ygtyýarlyklardyr we serişdelerdir” diýen nusgawy kesgitleme bar. Bu kesgitleme dogrudyr, emma jogapkärçilik bolmadyk halatynda, ol diňe howaýy düşünjedir. Diňe belent jogapkärçilik bu düşünjä many-mazmun, gymmatlyk hem-de ýaşaýşa höwes ylhamyny berýär.

Öz şahsy jogapkärçiligiňi duýmak howul-hara, oýlanyşyksyz çözgütleri kabul etmekden goraýar, «ýedi ölçäp, bir kesmäge», ol ýa-da beýleki çözgütleriň ýetirip biljek täsirlerine düşünmäge ýardam berýär.

Ol çözgütleriň aňyrsynda öz aladalary, arzuw-hyýallary bilen ýaşaýan adamlar bar. Prezidentiň belent wezipesini eýelemek bilen, men şu düşünjelerden ugur alýaryn. Häkimiýetiň güýjüni we täsirini adamlaryň, öz ýurduň bähbidine ulanmaly — meniň pikirimçe, munuň özi esasy, maksada gönükdiriji garaýyş bolup durýar.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......