Britaniýanyň botanika bagy ösümlikleriň sany boýunça dünýä rekordynyň eýesi boldy

  • 21.09.2021 08:57
  • 6k+

Londondaky Kew Gardens hökmünde belli bolan Kýu patyşa botanika bagy dünýädäki iň uly janly ösümlikler ýygyndysy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Bi-bi-si ýaýlym korporasiýasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Londonyň bu bagy heniz 2019-njy ýylda 16,9 müň özboluşly ösümlik görnüşini öz içine alýardy. Häzirki wagtda Patyşa botanika bagynyň ýygyndysy hasam giňeldi. 

2020-nji ýylda Kew Gardens nahalhanasyndan alnan nusga ululygy 16,9 dýuým (43 sm) bolan iň uzyn “Nepentes” ösümlik duzagy üçin baýrak aldy. Bu botanika bagyna dünýädäki iň uly tohum saklaýjysy hem degişli. Müňýyllyklaryň tohum banky Günbatar Sasseks graflygyndaky Ueýkherst jaýynda ýerleşýär, onda tas 40 müň ösümlik görnüşiniň 2,4 milliarddan gowrak tohumy saklanýar.

1759-njy ýylda esaslandyrylan Kýu patyşa botanika bagy dünýäde ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini öwrenmek üçin merkez hökmünde ykrar edildi. Ol 2003-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

132 gektar meýdany bolan baglar Londonyň günorta-günbatarynda Riçmond bilen Kýu şäherleriniň aralygynda ýerleşýär, bu ýerde floranyň köp sanly seýrek wekilleri ösýär. Mysal üçin, amorfofallus titanik dünýäde resmi taýdan iň beýik we iň ysly ösümlik hasaplanýar. Şeýle-de, baglaryň çäginde Palma öýi, Oranžereýa we Pagoda bar.


düýn 23:15
1.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......

düýn 12:16
3k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

12.05.2026 11:50
6.7k+

Amerikanyň ýaşaýjysy «Bearbrick» şekiljikleriniň heniz görülmedik möçberini ýygnap Ginnese girdi

Illinoýs ştatynyň ýaşaýjysy, amerikaly kolleksioner Deniel Park dünýäde iň köp «Bearbrick» şekiljiklerini ýygnap, adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy....

11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......