Disney 2021-nji ýylda filmleri gibrid çykarmakdan ýüz öwürdi

  • 19.09.2021 07:49
  • 2.2k+

Disney 2021-nji ýyldaky filmlerini uly ekranlara çykarýar. Studiýa indi filmlerini bir wagtyň özünde hem kinoteatrlarda, hem Disney+ striminginde çykarmak bilen tejribe geçirmezlik kararyna geldi. Bu barada kinobugle.ru habar berýär. 

Eksklýuziw teatr prokatyna şular eýe bolar: “Iň soňky duel” (15 oktýabr), “Düzelmeýän Ron” (22 oktýabr), “Ebediler” (5 noýabr), “Enkanto” (24 noýabr), “Westsaýd taryhy” (10 dekabr), “King’s Man: Başlangyç” (22 dekabr).

“Enkanto” kinozallarda 30 gün, galan taslamalar azyndan 45 gün bolar. Eger-de haýsydyr bir film ep-esli maliýe netijesini görkezse, onuň kino prokaty uzaldylyp bilner. Soňra ähli taslamalar Disney+ strimingine göçüriler. 

Pandemiýa we kinoteatrlaryň ýapylmagy sebäpli, köp filmler kinoda görkezilmän, akym hyzmatlarynda çykaryldy. Munda ilkinji bolup Warner Bros. studiýasy çykyş etdi, ol 2021-nji ýyldaky ähli kartinalarynyň bir wagtyň özünde hem HBO Max striminginde, hem işleýän kinoteatrlarda çykjakdygyny habar berdi. Studiýa häzire çenli şeýle strategiýada saklanýar.

Disney hem birnäçe filmleri garyşyk shemada çykardy, ýöne şeýle çykaryş modelini esas edip almakdan saklandy.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....